Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban geçen hepde ABŞ-a eden we Donald Trump bilen şahsy duşuşygy öz içine alýan saparyndan gaýdyp geleninden soň öňki prezidentiň Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuny nädip soňlamalydygy barada "gaty jikme-jik meýilnamalarynyň" bardygyny, şeýle-de, dawa-jenjeliň soňlanmagyny tizleşdirmek üçin, onuň Kiýewe hiç bir goşmaça serişde bermejekdigini aýtdy.
Hökümeti Moskwa bilen gatnaşyklaryny dowam etdirýän we Kiýewe ýarag ibermekden ýüz öwren Orban Tramp bilen duşuşygyndan soň, 10-njy mart güni giçlik döwlet eýeçiligindäki M1 telewideniýesine beren interwýusynda "Ukrainanyň özbaşdak ýagdaýda aýak üstünde saklanyp bilmejekdigi aýan" diýdi.
Wengriýanyň premýer-ministriniň Waşingtona eden sapary 60 milliard dollarlyk kömek bukjasynyň Wekiller öýündäki respublikanlar tarapyndan saklanylýan wagtyna gabat geldi, olar özleriniň Kiýewe pul iberilmegini goldamaklary üçin serhet howpsuzlygy çäreleriniň görülmegini talap edip, aýak depýärler.
ABŞ senaty bu kömek bukjasyny bireýýäm tassyk etdi, ol serişdeleriň köp bölegi Ukraina üçin ABŞ ýaraglaryny we harby enjamlaryny satyn almaga niýetlenen.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, ABŞ-da noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawlaryna demokratik partiýanyň çak edilýän kandidaty bolan demokrat, kömek bukjasynyň berilmegini goldady, Emma Tramp, has izolýasiýa ýoluna ýykgyn edip, bu kanun taslamasyny tankyt etdi.
"Ol Ukraina-Russiýa urşuna bir teňňe hem bermez we şu sebäpden uruş tamam bolar" diýip, Orban saýlawda Respublikan partiýanyň dalaşgäri bolmak isleýän Trampy nazarda tutup aýtdy.
"Eger-dre amerikalylar pul we ýarag bermese, ýewropalylaram bermez we şondan soň bu uruş gutarar. Amerikalylar pul bermese, ýewropalylar bu urşy özbaşdak maliýeleşdirip bilmezler, şeýlelikde uruş tamam bolar" diýip, Orban sözüniň üstüni ýetirdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýaly awtokrat liderler bilen aragatnaşyk saklamak arkaly, Orban bileleşigiň ýolbaşçylarynyň köpüsi bilen arasyny bozdy we Ýewropa Bileleşiginde ýeke çykan lider boldy.
Orban geçen hepde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna baryp, konserwatiw Miras gaznasynda çykyş etdi we soňra Tramp bilen onuň Florida ştatyndaky Mar-a-Lago şypahanasynda duşuşdy. Ol sapar wagtynda Ak tamda hiç bir duşuşyk gurmady.
Tramp kampaniýasynyň bu iki erkegiň 8-nji martda geçiren duşuşygy barada çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, olar "Wengriýa we ABŞ-a degişli köp sanly meseläni, şol sanda her bir ýurduň özygtyýarlylygyny goramak üçin berk we howpsuz serhetleriň möhüm ähmiýetini" ara alyp maslahatlaşdylar.
Beýanatda ara alyp maslahatlaşylan meseleler barada goşmaça düşündiriş berilmedi, Ukraina meselesiniň maslahatlaşylyp-maslahatlaşylmandygy agzalmady.
Orban Ukrainadaky parahatçylygyň ilki ýaraşyk baglaşmak arkaly gazanylmalydygyny, soň bolsa, Trampyň nazarda tutýan “serişdesi” arkaly doly parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmalydygyny aýtdy. Ol şundan aňryk hiç bir jikme-jikligi aýtmady..
Rus prezidentiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow 11-nji martda Kremliň Orbanyň aýdan zatlaryndan habarlydygyny, ýöne bu barada aýdyljak zadyň ýokdugyny aýtdy.
"Biz muny gördük, ýöne aýdyp biljek zadymyz ýok, sebäbi jikme-jiklikler aýdylmaýar we nähili meýilnamanyň bolup biljekdigi aýdyň bolman galýar" diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow žurnalistlere aýtdy.
"Şu sebäpden edil häzir anyk bir zat aýtmak mümkin däl" diýip, Peskow sözüniň üstüni ýetirdi.
Forum