Rus güýçleri 19-njy ýanwara geçilýän gije Ukraina 145 dron bilen hüjüm etdi, olaryň 126 sanysy urlup gaçyryldy ýa-da togtadyldy diýip, Ukrainanyň howa güýçleri habar berdi.
"12 ýere 13 sany hüjümçi dronyň ýetiren täsiri, bäş ýerde urlup gaçyrylan dronlaryň (galyndylarynyň) düşen ýerleri hasaba alyndy" diýlip, beýanatda aýdylýar.
Odesa sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper hüjümiň ýaşaýyş jaýlaryna, energiýa we gaz infrastrukturasyna zyýan ýetirendigini, bir adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Dron Odesa etrabyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýyna zarba urdy. Iki kwartira, jaýyň fasadyna, penjirelere we golaýda goýlan awtoulaga zyýan ýetdi. Şeýle-de, möhüm infrastruktura desgasyna ýeten zyýan hasaba alyndy diýip, ol ýazdy.