Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Zaporižiýa, Dnepropetrowsk sebitlerine uran zarbalary adam ölümine sebäp boldy

Dnepropetrowsk sebitine urlan zarbadan soňky görnüş. 9-nnjy aprele geçeilýan agşam. 2026.
Dnepropetrowsk sebitine urlan zarbadan soňky görnüş. 9-nnjy aprele geçeilýan agşam. 2026.

Rus goşunlary 9-njy aprel güni irden Zaporižiýa sebitine zarba urup, bir adamy öldürdi, dört adamy ýaralady diýip, Zaporižiýa sebit harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedorow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, azyndan sekiz zarba uruldy. Balabyno obasynda hususy jaýlara zyýan ýetdi.

Dnepropetrowsk sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Ganžanyň beren habaryna görä, rus goşunlarynyň üç etraba uran zarbalary netijesinde iki adam ýaralandy. Nikopol etrabynda köp gatly we hususy jaýlara, garaža we awtoulaglara; Pawlogradda dükanlara we ýaşaýyş jaýlaryna; Sinelnikow etrabynda awtoulaglara we hususy jaýlara zyýan ýetdi diýip, Ganža sözüniň üstüni ýetirdi.

DTEK kompaniýasy rus güýçleriniň 8-nji aprel agşamy Odesa sebitindäki podstansiýa zarba urandygyny, öz hünärmenleriniň zaýalanan enjamlary barlaýandygyny habar berdi. "Howpsuzlyk ýagdaýy mümkinçilik berse, biz abatlaýyş işlerine başlarys. Öýleriň elektrik üpjünçiligini mümkin boldugyça çalt dikeltmek üçin elimizden gelenini ederis" diýlip, DTEK beýanatynda aýdylýar. Odesa sebit administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper hem möhüm infrastruktura desgasyna zyýan ýetendigini habar berdi, emma goşmaça maglumat bermedi.

Ukrainanyň Howa güýçleriniň maglumatyna görä, Orsýet Ukraina 119 dron bilen hüjüm etdi, olaryň 99 sanysy howa hüjüminden goranyş güýçleri tarapyndan uruldy. Şeýle-de, ýene 16 dronyň 11 ýerde ýere gaçandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG