Orsýetiň kazyýetleri 2024-nji ýylda Kursk sebitinde bolan söweşlere gatnaşan 371 ukrain harbysyna garşy höküm çykardy. Bu hökümler Orsýetiň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykiniň TASS döwlet habar agentligine beren interwýusyndan belli boldy. Ýöne ol hökümler hiç ýerde çap edilmedi.
Bastrykiniň sözlerine görä, 413 adama garşy açylan 279 jenaýat işi boýunça geçirilen derňew işleri tamamlandy we 371 adama garşy höküm çykaryldy. Bastrykin bu hökümleriň näçesiniň gaýybana ýagdaýda çykarylan höküm bolandygyny anyklaşdyrmady.
Ukrain goşunlary 2024-nji ýylyň 6-njy awgustynda Kursk sebitine girip, onuň käbir böleklerini alty aýdan gowrak wagtlap elde sakladylar. Bu döwürde we yza çekilme döwründe rus güýçleri tarapyndan ýesir alnan ukrain harbylarynyň anyk sany belli däl. 2024-nji ýylyň aýagynda TASS 500 ukrain esgeriniň ýesir alnandygyny habar berdi.
Kirill Parubets analitik merkezi we “The Insider” neşiri Kursk sebitinde Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň azyndan 525 harby gullukçysynyň ele salnandygyny öňe sürýärler. Orsýetde olary "terrorçylyk" aýyplamalary esasynda jogapkärçilige çekýärler.
Adam hukuklary boýunça "Syýasy tussaglara goldaw. Memorial" taslamasy ukrain tussaglarynyň Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edendikleri we Orsýetiň territoriýasyndaky harby operasiýalara gatnaşandyklary üçin ýanalýandygyny, bu ýagdaýyň olaryň adalatly sud edilmek baradaky hukugyny we Ženewa konwensiýasyny bozýandygyny belledi.