Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan zenan aktiwistleri ‘Talybanyň’ hukuk bozmalary sebäpli HJS ýüzlendiler


Owganystanda "Talyban" dolandyryjylarynyň zenan hukuklaryny depeleýändigi bellenilýär.
Owganystanda "Talyban" dolandyryjylarynyň zenan hukuklaryny depeleýändigi bellenilýär.

Owgan aýallarynyň hukuklary boýunça aktiwistler Halkara Jenaýat sudundan (HJS) Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylaryny adam hukuklaryny sistematiki depelemegi boýunça jogapkärçilige çekmäge çagyrdylar.

“Talyban” 2021-nji ýylyň awgustynda Owganystandan halkara güýçleri çekilenden soň, häkimiýeti ele geçiripdiler.

Aktiwistler 27-nji noýabrda Halkara Jenaýat suduna ýollan hatlarynda “Talybany” BMG-niň Adam Hukuklary boýunça umumy deklarasiýasyny we BMG-niň Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky konwensiýany dowamly bozmakda aýypladylar.

“Olar jogapkärçilige çekilmeli” diýip, aktiwistleriň biri atlandyrylmasyzlyk şertinde belledi.

“Owganystanda ‘Talyban’ aýallaryň jemgyýetdäki iş we bilim mümkinçiliklerine gadagançylyk girizip, şeýle-de hukuk aktiwistlerini jezalandyryp, gender deňsizligini ornaşdyrdy” diýip, zenan aktiwist aýtdy.

XS
SM
MD
LG