Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganlar ýene-de basyş astynda, Pakistan täze deportasiýa çäresini geçirýär

Owganystana gitmäge taýýarlanýan owgan bosgunlary öz zatlaryny ulaga ýükleýärler. Pakistanyň Peşawar şäheri. 13-nji iýul, 2026.
Owganystana gitmäge taýýarlanýan owgan bosgunlary öz zatlaryny ulaga ýükleýärler. Pakistanyň Peşawar şäheri. 13-nji iýul, 2026.

Müňlerçe owgan maşgalasy, geljegiň näbelliliginden howatyrlanyp, Owganystana göçüp başlady. Bu ýagdaý Pakistanyň resmileriň bikanun immigrantlara garşy "berk çäreler" diýip, atlandyran hereketleriniň arasynda bolup geçýär.

Yslamabat häkimiýetler tarapyndan "resminamasyz" diýip atlandyrylýan owganlaryň ýurtdan çykmagy üçin 10-njy iýula çenli möhlet belledi.

Bu çäre dünýäniň dürli ýerlerinde öz ýurdundan gaçan owganlary öýlerine gaýtarmak boýunça geçirilýän giň gerimli tagallalaryň fonunda amala aşyrylýar.

Diňe Pakistanda 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Yslamabat deportasiýa syýasatyny yglan edeli bäri 2,5 milliondan gowrak owgan deportasiýa edildi.

"Her gün ortaça 400-den 600-e çenli maşgala Torkham serhedinden geçýär" diýip, Pakistanyň Haýber taýpa etrabynyň Jamrud sebitinden meýletinçi Yslam Badşah aýtdy. Ol gidýän maşgalalara mugt azyk, derman we beýleki zerurlyklary paýlaýar.

Torkham Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky esasy geçelge nokadydyr.

Haýyr-sahawat işlerini dowam etdirmek üçin ýerli ilatdan kömek ýygnaýan Badşah maşgalalaryň köpüsinde BMG tarapyndan berlen hasaba alyş kartlarynyň bardygyny aýdýar, ýöne Pakistanyň häkimiýetleri diňe pasportlarynda student, iş saparlary ýa-da syýahatçylyk wizalary bolan owganlaryň galmagyna rugsat beriljekdigini aýdýarlar.

Owganlar öýlerine iberilýär

Ziýa Rahman 13-nji iýulda serhet golaýyndaky owgan bosgunlary üçin Hamza Baba tranzit merkezine gelen ýüzlerçe maşgalanyň arasyndady.

Maşgalasy serhetden geçmek üçin häkimiýetlerden rugsada garaşýarka, Rahman Azatlyk Radiosyna özüniň we uly doganlarynyň Pakistanda doglandygyny we özüniň tanamaýan ýurda mejbury ýagdaýda göçüp barýandygyny aýtdy.

"Meniň çagalarym hem, doganlarymyň çagalary hem Owganystana hiç haçan baryp görmediler" - diýip, ol aýtdy. "Biz näbelli geljege tarap barýarys - nädip iş tapmaly we çagalarymyz mekdeplere gidip bilerlermi?" - diýip, 36 ýaşly Rahman aýtdy.

Dünýäde millionlarça owgan raýaty ýaşaýan ýurdunyň häkimiýetleri tarapyndan gönüden-göni edilýän basyş astynda öz ýurduna dolanmaga mejbur edilýär ýa-da howp, azar we gorkuzma sebäpli gitmäge mejbur bolýar.

Emma Pakistandaky ýagdaý has ýiti.

Owganystanda onlarça ýyllap dowam eden çaknyşyklar millionlarça owgan raýatyny Pakistana sygynmaga mejbur etdi. Yslamabat 2021-nji ýyldan öň Pakistanda ýaşaýan 1,5 million hasaba alnan owganyň bardygyny aýdypdy. 2021-nji ýylyň awgust aýynda Taliban Kabuly basyp alandan soň, ýarym milliondan gowrak adam Pakistana sygynmak üçin ýurtdan gaçyp gitdi.

Pakistan we Taliban onlarça ýyllap yglan edilmedik ýaranlardy, ýöne 2021-nji ýylda olaryň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşyp başlady, Yslamabat Kabuly Pakistanyň içinde hüjümleri amala aşyrýan Pakistan Talibanyna gaçybatalga bermekde aýyplady.

Owganystanyň Talibany Pakistanyň aýyplamalaryny ret etdi we başga bir ýurda zyýan ýetirmek üçin öz giňişligini ulanmaga hiç kime rugsat bermejegini aýtdy.

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Pakistan Owganystanyň içinde howa hüjümlerini geçirdi we iki tarapda köp sanly pidalara getiren hem-de infrastruktura zyýan ýetiren gandöküşikli serhet çaknyşyklaryna sebäp boldy. Pakistan Owganystan bilen ähli serhetlerini ýapdy, şeýle hem owganlaryň deportasiýa edilmegini güýçlendirdi.

Ýakynda Pakistan Owganystanyň raýat kartlaryny (ACC) we bellige alyş subutnamasyny (PoR) ýatyrdy. Mundan öň, iki resminama owganlaryň Pakistanda kanuny ýaşamagy üçin rugsat hökmünde ykrar edilipdi. Şeýle-de bolsa, Pakistanyň häkimiýetleri ýakynda Pakistanda galmak üçin ygtyýar berýän wizadan başga ähli beýleki resminamalar güýjüni ýitirdi diýip yglan etdiler.

Ynsanperwer krizisi

Köpçülikleýin deportasiýalar Owganystanyň käbir ýerlerinde ynsanperwer krizisini döretdi, ýerli infrastruktura agram saldy we gaýdyp gelenleri ejiz galdyrdy.

Owganystana göçýän owganlaryň köpüsi 10-njy iýuldan bäri has ýygylaşan polisiýa reýdlerinde tussag edilmezlik üçin öz telekeçilik işlerinden el çekip, emläklerini arzan bahadan satyp gitmeli bolandyklaryny aýdýarlar.

Pakistandaky owgan bosgunlary üçin iň uly merkezleriň biri bolan Peşawardaky Board Bazarda çörek bişirýän, gurak miwe, egin-eşik we aýakgap satýan dükanlaryň 5000 töweregi bar we olar alyjylardan doly bolýar.

Emma şu günler polisiýanyň gözegçilik çäreleriniň sany alyjylaryň sany bilen bäsleşýär we söwdagärleri tussag edilmezlik üçin täze usullary tapmaga mejbur edýär.

"Biz polisiýa reýdleri mahalynda tussag edilmezlik üçin ýerli ýaşaýjylary işe aldyk" diýip, häkimiýetleriň hereketinden gorkýandygy üçin adyny aýtmak islemedik bir dükan eýesi aýtdy.

"Polisiýa reýdi bolanda, biz çykyp, işi ýerli adamlara berýäris. Bu bizi hem, işimizi hem halas edýär... ýöne munuň uzak wagtlap dowam edip bilmezligi mümkin".

Peşawarda maşgalasy bilen şowly biznes alyp barýan başga bir telekeçi Zakir Aýaz polisiýanyň reýdleriniň 10-njy iýuldan bäri adaty bir zada öwrülendigini aýdýar.

“Maşgalam 40 ýyl mundan ozal owgan jihadynyň başynda Pakistana göçüp geldi. Biz işimizi 25 ýyldan gowrak wagtlap ýola goýduk” diýip, wagtal-wagtal Owganystana baryp görýän, ýöne Pakistanda galmak isleýän Aýaz aýtdy.

“Indi biz geljegi görmän, işimizi soňlamaly bolduk”.

XS
SM
MD
LG