Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan 4 aýda Türkmenistanyň 80 sisterna suwuk ýangyjyny yzyna gaýtardy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Owganystanyň Milli standartlar gullugy (ANSA) dört aýyň içinde Türkmenistanyň pes hilli suwuklandyrylan gaz we nebit getiren 80 sisternasyny yzyna gaýtardy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” owgan metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Iýul aýynda Owganystanyň getirilen önümiň hilinden nägile bolup, Türkmenistanyň suwuklandyrylan gaz ýüklerini iki gezek yzyna gaýtarandygy habar berildi. 10-njy iýulda 17 sany ýük maşynynyň, 16-njy iýulda bolsa ýene on töweregi sisternanyň yzyna gaýtarylandygy belli boldy.

Owganystanyň “Bakhtar” habar gullugynyň ýazmagyna görä, ýurduň milli standartlar edarasy, hili sebäpli, Eýrandan gelen sisternalaryň hem onlarçasyny yzyna gaýtardy.

Türkmen metbugaty, saklanyp galýan berk döwlet senzurasy sebäpli, daşary ýurt metbugatynda Türkmenistan barada berilýän negatiw habarlary çap etmeýär.

XS
SM
MD
LG