Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

11-nji sentýabr hüjümlerinden 25 ýyl soň, Owganystan ýene-de global terrorçylygyň başlangyç meýdançasyna öwrülip bilermi?

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna garşy amala aşyrylan terrorçylykly hüjümlerde 3 müňe golaý adam heläk boldy.
2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna garşy amala aşyrylan terrorçylykly hüjümlerde 3 müňe golaý adam heläk boldy.

11-nji sentýabr hüjümleriniň global başlangyç meýdançasy hökmünde ulanylandan 25 ýyl soň, Owganystan ýene-de öňki ýagdaýyna dolanyp gelen ýaly görünýär. ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby güýçleriň ýurtda 20 ýyl bolmagyndan soň “Talyban” häkimiýeti gaýtadan ele aldy, Al-Kaýdanyň agzalary bolsa ýene-de bu ýurtda howpsuz gaçybatalga tapýarlar.

Şu wagta çenli bu ýagdaý Owganystanda meýilleşdirilen we Günbatar ýurtlarynyň paýtagtlarynda amala aşyrylan uly terrorçylykly hüjümlere, 11-nji sentýabr hüjümlerine meňzeş wakalara bolsa asla getirmedi.

Emma öňki harby, diplomatik we aňtaw işgärleri, şeýle hem sebit boýunça bilermenler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliklerde munuň sebäbi barada dürli garaýyşlary öňe sürdüler. Käbirleri häzirki ýagdaýyň 11-nji sentýabrdan öňki ýagdaýdan düýpgöter tapawutlanýandygyny aýdýarlar. Beýlekiler bolsa terror howpunyň täzeden güýçlenýändigini we ýagdaýyň “haçan partlajagy belli bolmadyk bomba” meňzeýändigini duýdurýarlar.

11-nji sentýabr hüjümlerinden soň Waşington “Talybany” häkimiýetden çetleşdirmek we Owganystanda ýerleşýän Al-Kaýdanyň ýolbaşçylaryny ele salmak maksady bilen “Talybana” garşy güýçleriň bileleşigini goldamak kararyna geldi. Emma bu çäre soňlugy bilen örän uly maliýe we adam ýitgilerine getiren 20 ýyllyk urşa öwrüldi.

2020-nji ýylda, Donald Trampyň ABŞ-nyň prezidenti hökmünde birinji möhletinde, “Talyban” bilen ylalaşyk baglaşyldy. Şol ylalaşyga laýyklykda halkara güýçleri Owganystandan çykmalydy, "Talyban" bolsa “öz agzalarynyň, beýleki şahslaryň ýa-da toparlaryň, şol sanda Al-Kaýdanyň, Owganystanyň çägini Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we onuň ýaranlarynyň howpsuzlygyna howp salmak üçin ulanmagyna ýol bermezligi” wada berdi.

Ylalaşyga laýyklykda "Talyban" şeýle toparlaryň ýa-da şahslaryň “adam toplamagyna, tälim bermegine we maliýe serişdelerini ýygnamagyna” hem ýol bermezligi öz üstüne aldy.

Al-Kaýdanyň gaýdyp gelmegi

Halkara güýçleriniň Owganystandan çykarylmagy ahyrynda 2021-nji ýylda, prezident Jo Baýdeniň döwründe amala aşyryldy. Şondan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýalar boýunça toparlarynyň birnäçe hasabatynda Al-Kaýdanyň agzalarynyň Owganystana gaýdyp gelendigi dokumentleşdirildi.

Şeýle hasabatlaryň biri 2025-nji ýylyň dekabrynda çap edildi. Onda Owganystan Al-Kaýda üçin “simwoliki watan” hökmünde häsiýetlendirilip, Al-Kaýda bilen "Talybanyň” agzalarynyň arasynda “şahsy gatnaşyklar we özara nikalaşmalar” bardygy bellenildi.

“Owganystan eýýäm halkara derejede maksatlary bolan terrorçylara gaçybatalga berýär. Indiki mesele olaryň şol maksatlaryny durmuşa geçirip-geçirmejekdigi bolar. Emma Owganystan 11-nji sentýabrdan öňki ýagdaýyna dolanyp geldimi? Hawa, geldi” diýip, ABŞ-nyň öňki diplomaty Enni Forzhaýmer Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Forzhaýmer 2017–2018-nji ýyllarda ABŞ-nyň Kabuldaky diplomatik missiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary, 2018–2019-njy ýyllarda bolsa Owganystan meseleleri boýunça ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.

“Men muny dünýäniň galan bölegine garşy hem gönüden-göni, hem-de gytaklaýyn howp hökmünde görýärin” diýip, ol aýtdy. “Al-Kaýda henizem şol ýerde we onuň geçmişini göz öňünde tutanyňda, täsiri hem örän güýçli”.

2017–2018-nji ýyllarda ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi bolup işlän general H.R. MakMaster hem Forzhaýmeryň aladalary bilen ylalaşýar. Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna "Talybanyň” ylalaşyga eýerjekdigine ynanmagyň “öz-özüňi aldamakdygyny” aýtdy.

“Olar terrorçy gurama” diýip, ol aýtdy. “Biziň etmeli zadymyz Owganystandaky terrorçy hökümeti gowşatmakdyr.”

Forzhaýmer hem, MakMaster hem Al-Kaýdanyň "Talybanyň” goldawy bilen Owganystanda hereket edýän ýeke-täk howply topar däldigini nygtadylar. Hakykatdan hem, BMG-niň hasabatlarynda Al-Kaýdanyň “Tehrik-i-Taliban Pakistan” (TTP) topary bilen hyzmatdaşlykda Pakistana garşy serhetüsti hüjümleri amala aşyrandygy hem bellenilýär. “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri hem Owganystanda hereket edýärler we ol ýerde hem-de Pakistanda hüjümleri amala aşyrypdyrlar.

Howpsuzlyk meselelerine ýöriteleşýän Nýu-Ýorkdaky “Soufan Center” ylmy-barlag merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Kolin Klark Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Owganystanda dürli toparlaryň garyşyk ýagdaýynyň “howply birleşmäni” emele getirýändigini we onuň “haçan partlajagy belli bolmadyk bomba” meňzeýändigini aýtdy.

“11-nji sentýabry başdan geçiren tejribe”

Emma beýleki bilermenler howlukmaç netijelere gelmezlige çagyrýarlar. 11-nji sentýabr hüjümlerinden bäri, hatda "Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti gaýtadan ele almagyndan bäri hem köp zat üýtgedi. Häzirki wagtda "Talyban" halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň synanyşýar. Topar hatda ýakynda Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşmak üçin Brýussele delegasiýa iberdi. Russiýa bolsa "Talybany” Owganystanyň kanuny hökümeti hökmünde ykrar etdi.

"Talybanyň” aýal-gyzlaryň hukuklaryna girizen berk çäklendirmeleri we umumy adam hukuklarynyň bozulmagy sebäpli onuň halkara hyzmatdaşlygyna bolan synanyşyklary Günbatar ýurtlarynda kän bir oňyn garşy alynmasa-da, käbir bilermenler "Talybanyň” ýolbaşçylarynyň Al-Kaýda ýaly toparlaryň üstünden öňküsinden has berk gözegçilik edýändigine ynanýarlar.

“11-nji sentýabrdan öňki ýagdaý bilen deňeşdirilende häzirki esasy tapawutlaryň biri "Talybanyň” 11-nji sentýabr wakalaryny we şol wakalaryň getiren netijelerini öz başyndan geçirendigidir. Şonuň üçin men olaryň Al-Kaýdanyň bu agzalarynyň näme edýändigine örän ýakyndan gözegçilik edýändigine ynanmaly bolýaryn” diýip, Waşingtonda ýerleşýän “CNA” ylmy-barlag merkeziniň baş ylmy işgäri Jonatan Şroden Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

ABŞ-nyň Owganystandaky terrorçylyga garşy operasiýalarynyň taryhy barada ýazýan kitabyny tamamlamak bilen meşgullanýan Şroden häzirki wagtda Owganystanyň esasy üns merkezinde däldigini aýtdy.

“Häzirki wagtda Al-Kaýdanyň iň işjeň we howply şahamçalaryna garşy göreşmek isleýän bolsaňyz, olar Afrikada ýerleşýär. Mysal üçin, Al-Şabab ýa-da Günbatar Afrikada Al-Kaýda bilen baglanyşygy bolan dürli toparlar. Häzirki wagtda iň işjeň we iň zorlukly toparlar şolar” diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň maý aýynda çap edilen iň soňky Terrorçylyga garşy göreş strategiýasynda hem şu we beýleki geografik sebitlerden gelýän howplara aýratyn üns berilýär. Şroden Owganystandaky ýagdaý barada şeýle pikir edýän ýeke-täk bilermen däl.

Birleşen Ştab Başlyklarynyň komitetiniň başlygyna strategiýa boýunça öňki ýörite kömekçi, häzirki wagtda Milli Harby Kollejde işleýän Karter Malkasian ýakynda “Foreign Affairs” žurnalynda "Talybanyň” bäş ýyllyk häkimiýetinden soň “terrorçylygyň bolmazlygynyň” Owganystandaky ýagdaýyň üýtgändigini görkezýändigini ýazdy.

2009–2011-nji ýyllarda Helmand welaýatynda syýasy işgär bolup işlän Malkasian BMG-niň hasabatlaryndaky käbir netijeler bilen ylalaşman, “Al-Kaýdanyň Owganystanyň çäginde guramaçylyk işlerini alyp barýandygyny, maliýe serişdelerini ýygnaýandygyny ýa-da tälim geçirýändigini görkezýän subutnamalaryň azdygyny” aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol aňtaw maglumatlarynyň doly däldigini boýun aldy.

“Waşingtonyň Owganystana gözegçilik etmek mümkinçiligi 2020-nji ýyldaky derejesinde däl, 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa has-da pes. Amerikanyň Birleşen Ştatlary dag obalarynda ýa-da Kabul, Kandagar ýa-da Jelalabadyň yzky köçelerinde alnyp barylýan terrorçylykly meýilnamalary ýa-da tälimleri ýüze çykaryp bilmezligi mümkin” diýip, ol ýazdy.

Şroden hem bu meselä ünsi çekdi. Ol ABŞ-nyň 2022-nji ýylda Kabulda Al-Kaýdanyň şol wagtky ýolbaşçysy Aýman az-Zawahirini öldürenden bäri Owganystanda hiç hili harby zarba amala aşyrmandygyny belledi.

“Bu ýagdaýyň iki düşündirişi bolup biler: ýa ABŞ-nyň ol ýerde nämeleriň bolup geçýändigi barada maglumatlary şeýle bir çäkli welin, hüjüm etmek üçin nyşanlary kesgitläp bilmeýär, ýa-da häzirki wagtda Owganystanda öňki döwürlerdäki ýaly ýokary derejeli nyşanlar ýok” diýip, ol aýtdy.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG