Owganystanda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklar, ýurduň demirgazygyndaky barmagy kyn bolan sebitlerde, suw joşmalarynda heläk bolanlary gözlemek boýunça kynçylyk çekýärler. Agyr ýagyşlaryň netijesinde dörän suw joşmalarynda eýýäm azyndan 315 adam heläk boldy.
Owganystanyň iş ýüzündäki dolandyryjylary “Talybanyň” berýän maglumatlaryna görä, tebigy harasatdan has köp ejir çeken Baglan welaýatynda, başga-da azyndan 1 müň 630 adam ýaralanypdyr we 2 müň 660-a golaý jaý weýran bolupdyr.
Suw joşmalaryndan ýurduň Badagşan, Takhar, Gor, Farýap we beýleki welaýatlary hem ejir çekdiler.
BMG-niň baş sekretary Antonio Guterreş “BMG-niň we onuň Owganystandaky hyzmatdaşlarynyň ýurduň de facto resmileri bilen mätäçliklere çäre görmek we gyssagly hemaýaty ýola goýmak ugrundaky hereketleri utgaşdyrýandyklaryny” aýtdy.