Owganystanda dem alyş ýollarynyň kesellemegi sebäpli bäş ýaşyndan kiçi 2 müňden hem aşa çaga öldi diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) täze hasabatynda aýdylýar. Bu ýagdaýlaryň ýurduň saglyk pudagynyň ýeterlik maliýeleşdirilmeýändigi bilen bagly ýitileşen bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar.
11-nji dekabrda çap bolan hasabatda şu ýylyň başyndan üstümizdäki aýa çenli wagt aralygynda, Owganystanda dem alyş ýollarynyň kesellemegi bilen bagly 1.2 million ýagdaý hasaba alnypdyr.
Infeksiýanyň netijesinde jemi 2 müň 513 adam öldi, olaryň 80% töweregi bäş ýaşdan kiçi çagalar.
BSG bu ýagdaýlaryň artmagyny sowuk howa we guramanyň infeksiýanyň Owganystandaky ýaýramak gerimini has gowy yzarlamak mümkinçilikleri bilen baglanyşdyrýar.