Owganystanyň demirgazyk-gündogar sebitlerinde agyr ýagynlar sebäpli dörän suw joşmalary netijesinde bir maşgalanyň 10 agzasy heläk boldy.
Badagşan welaýatyndaky “Talyban” dolandyryjylarynyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýtmagyna görä, 26-njy maýda giçlik bolan suw joşmasynda ýogalan dört adamyň jesedi tapylypdyr. Resmiler gözleg işleriniň henizem dowam etdirilýändigini bellediler.
Ýerli resmiler suw joşmasynda sebitiň ençeme obasyna zeper ýetendigini mälim etdiler.
Paýtagt Kabuldan 300 km demirgazykda ýerleşýän Baglan welaýatynda suw joşmalary sebäpli 40 töweregi jaý weýran boldy. Garyplykdan ejir çekýän bu ýurtda şu ýylyň hasabyna eýýäm birnäçe heläkçilikli tebigy hadysalar bolup geçdi.