Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öý terk etmeklik agyr duýgy: Ukrainaly ene-atalar, çagalar ewakuasiýa edilýär, front golaýlaýar

Kateryna çagalary bilen bilelikde günbatar Ukrainanyň Mukaçewo şäherine göçüp gelýär.
Kateryna çagalary bilen bilelikde günbatar Ukrainanyň Mukaçewo şäherine göçüp gelýär.

Natalýa öý terk etmegiň nähili duýgy bolandygyny bilýär.

Ol geçen ýyl ýaş çagasy bilen gündogar Ukrainada barýan söweşlerden gaçyp, Dnipropetrowsk sebitinde ýerleşýän Nowopawliwka obasyna bosup bardy.

Söweşler golaýlaýan mahaly, bu bahar, ol ýene-de ewakuasiýa etmäge mejbur boldy.

“Ikinji gezek göçmek kyn bolýar, sebäbi biz ähli zatlarymyzy ol ýerde goýup gaýtdyk” diýip, Natalýa aýdýar. “Biz ol ýerde bary-ýogy ýarym ýyl bolduk. Meniň enem-atam heniz hem ol ýerde. Ol ýerde durmuş edil gorkuly düýş ýaly” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Bu gezek, bir ynsanperwerçilik guramasy, “Proliska”, olaryň howpsuz ýere göçüp barmaklaryna ýardam berdi.

“Proliskanyň” işgärleri golaýda ýedi uly adamdan we 17 çagadan ybarat toparyň otluda, 1 müň 200 km ýol söküp, günbatar Zakarpatýa sebitiniň Mukaçewa şäherine göçüp barmaklaryna ýardam berdi.

Guramanyň sebit ýolbaşçysy Olha Omelýanuk Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna ewakuasiýa operasiýasynyň gyssagly amala aşyrylandygyny aýtdy.

“Nowopawliwka frontdan daşda ýerleşýärdi, ýöne indi ol hem front zolagy bolup durýar” diýip, ol aýdýar.

“Bu sebit front çyzygyndan 5 km aradaşlykda ýerleşýär. Bu bolsa, howa zarbalarynyň oba baryp ýetýändigini aňladýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Maşgalalar Mukaçewo şäherine baryp ýerleşenlerinde, olara ýyly nahar hem-de käbir ýardamlar garaşýardy.

Üç çagasy bilen syýahat eden Kateryna bir umumy ýaşaýyş jaýyndan jaý tapmak üçin, öz maşgalasyny ýurduň bir çetinden beýleki çetine göçürmegiň agyr bolandygyny aýdýar.

“Biz öz öýümize öwrenişipdik” diýip, ol aýdýar.

Ukrainanyň durmuş üpjünçilik ulgamynda işleýän Natalýa Omelýanýuk ewakuasiýa edilen adamlar üçin, Berehowe şäherçesinde ýaşaýyş ýerleriniň üpjün edilendigini hem-de sosial üpjünçilik işçileriniň we lukmanlaryň olara ýardam berendigini aýdýar.

Boşap galan harabaçylyk. Basyp alyşdan bir ýyl geçensoň, Donetsk oblastynyň Marinka şäheri

Bu ýol birwagtlar Marinka şäherindäki Dostluk şaýoly bolupdy. Surat 4-nji dekabrda düşürildi. Ruslaryň şäheri oka tutmagy netijesinde, ýoluň asfalt gatlagy ýitip gidipdir.
1/16 Bu ýol birwagtlar Marinka şäherindäki Dostluk şaýoly bolupdy. Surat 4-nji dekabrda düşürildi. Ruslaryň şäheri oka tutmagy netijesinde, ýoluň asfalt gatlagy ýitip gidipdir.
Dostluk şaýolunyň rus goşuny tarapyndan basylyp alynmazyndan öňki görnüşi şeýledi. Marinka Donetskden takmynan 22 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Bir wagtlar onda 9 müň adam üçin ýaşaýyş jaýlary bolupdyr.

2/16 Dostluk şaýolunyň rus goşuny tarapyndan basylyp alynmazyndan öňki görnüşi şeýledi. Marinka Donetskden takmynan 22 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Bir wagtlar onda 9 müň adam üçin ýaşaýyş jaýlary bolupdyr.

Marinka şäherinde «Hudaýyň ejesiniň Kazan simwoly» ybadathanasynyň harabaçylygy. Ol 4-nji dekabrda surata düşürildi.

Marinka 2014-nji ýylyň başyndan bäri Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen ukrain güýçleriniň ýakyn aralygynda ýerleşýärdi.

3/16 Marinka şäherinde «Hudaýyň ejesiniň Kazan simwoly» ybadathanasynyň harabaçylygy. Ol 4-nji dekabrda surata düşürildi.

Marinka 2014-nji ýylyň başyndan bäri Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen ukrain güýçleriniň ýakyn aralygynda ýerleşýärdi.

Şol ybadathana 2014-nji ýylyň awgust aýynda şeýle görünýärdi. Orsýet 2022-nji ýylda Ukrainany doly möçberde basyp almaga başlandan soň, ilat howpsuz ýerlere göçürildi we 2023-nji ýylyň mart aýyna çenli şäher doly boşap galdy.

4/16 Şol ybadathana 2014-nji ýylyň awgust aýynda şeýle görünýärdi. Orsýet 2022-nji ýylda Ukrainany doly möçberde basyp almaga başlandan soň, ilat howpsuz ýerlere göçürildi we 2023-nji ýylyň mart aýyna çenli şäher doly boşap galdy.

Ok degip weýran bolan bu sütün Marinka şäheriniň merkezindäki ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň ýadygärliginiň galan bölegidir. Uruş zarbasyndan harabaçylyga öwrülen şäheri 2023-nji ýylyň dekabrynda rus goşuny basyp aldy.

5/16 Ok degip weýran bolan bu sütün Marinka şäheriniň merkezindäki ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň ýadygärliginiň galan bölegidir. Uruş zarbasyndan harabaçylyga öwrülen şäheri 2023-nji ýylyň dekabrynda rus goşuny basyp aldy.

Ukrain esgeri 2022-nji ýylyň martynda Marinka şäherindäki Şewçenkonyň ýadygärliginiň ýanynda surata düşýär.

6/16 Ukrain esgeri 2022-nji ýylyň martynda Marinka şäherindäki Şewçenkonyň ýadygärliginiň ýanynda surata düşýär.

Marinkadaky jaýlaryň harabaçylygy, 4-nji dekabrda düşürilen surat.

Ukrain fotosuratçysy Alýona Grom ol ýerde atyşyklar güýçlenmänkä, ýagny 2017-nji ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek Marinkada boldy. "Şäher kiçidi, şonuň üçin hemmeler biri-birini tanaýardy, ýöne ýerli ilat diňe gündizine daşary çykýardy" diýip, Grom Azatlyk Radiosy bilen eden interwýusynda aýtdy.
7/16 Marinkadaky jaýlaryň harabaçylygy, 4-nji dekabrda düşürilen surat.

Ukrain fotosuratçysy Alýona Grom ol ýerde atyşyklar güýçlenmänkä, ýagny 2017-nji ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek Marinkada boldy. "Şäher kiçidi, şonuň üçin hemmeler biri-birini tanaýardy, ýöne ýerli ilat diňe gündizine daşary çykýardy" diýip, Grom Azatlyk Radiosy bilen eden interwýusynda aýtdy.
Marinka şäherindäki administratiw bina, surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda alyndy. Alýona Grom 16:00-dan soň: "Adamlar köçelerden ýitirim boldy, sebäbi agşamlaryna atyşyk başlanýar" diýip ýatlaýar.

8/16 Marinka şäherindäki administratiw bina, surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda alyndy. Alýona Grom 16:00-dan soň: "Adamlar köçelerden ýitirim boldy, sebäbi agşamlaryna atyşyk başlanýar" diýip ýatlaýar.

Marinka şäherindäki ýol ýakasynda ýok edilen harby tehnika, surat 4-nji dekabrda düşürildi. Grom şäheriň üýtgeşik ýaşyllyga bürenip oturanyny, "bahar aýlarynda miweli baglaryň gülleýän döwründe has owadan bolýandygyny" aýdýar.

9/16 Marinka şäherindäki ýol ýakasynda ýok edilen harby tehnika, surat 4-nji dekabrda düşürildi. Grom şäheriň üýtgeşik ýaşyllyga bürenip oturanyny, "bahar aýlarynda miweli baglaryň gülleýän döwründe has owadan bolýandygyny" aýdýar.

2015-nji ýylyň iýun aýynda Marinka şäheriniň eteginden Ukrainanyň ýaragly güýçleri geçip barýar.

10/16 2015-nji ýylyň iýun aýynda Marinka şäheriniň eteginden Ukrainanyň ýaragly güýçleri geçip barýar.

Bu ýer 2022-nji ýylda rus zarbalary başlamazdan öň, şäher köçeleriniň biriniň çatrygy bolmaly. Surat şu ýylyň 4-nji dekabrynda alyndy.

11/16 Bu ýer 2022-nji ýylda rus zarbalary başlamazdan öň, şäher köçeleriniň biriniň çatrygy bolmaly. Surat şu ýylyň 4-nji dekabrynda alyndy.

2014-nji ýylda düşürilen suratda, Marinkada bir köçäniň çatrygy.

12/16 2014-nji ýylda düşürilen suratda, Marinkada bir köçäniň çatrygy.

Marinka şäheriniň ozalky köçesiniň ugrunda düňderilen maşyn, 2024-nji ýylyň dekabry

13/16 Marinka şäheriniň ozalky köçesiniň ugrunda düňderilen maşyn, 2024-nji ýylyň dekabry

Ukrain harbylary 2014-nji ýylyň awgustynda, Marinka şäheriniň golaýyndaky barlag geçelgesinde dokumentleri barlaýar.

14/16 Ukrain harbylary 2014-nji ýylyň awgustynda, Marinka şäheriniň golaýyndaky barlag geçelgesinde dokumentleri barlaýar.

Ýol ugrundaky dükanyň harabaçylygy, 2024-nji ýylyň dekabry

Alýona Grom şäheri surata düşüren wagtynda, birnäçe ýerli ýaşaýjylar bilen tanşandygyny aýdýar. Alýona olary "ýowuz synaglara duçar bolan ýumşak ýürekli, mähirli adamlar" diýip häsiýetlendirýär.

15/16 Ýol ugrundaky dükanyň harabaçylygy, 2024-nji ýylyň dekabry

Alýona Grom şäheri surata düşüren wagtynda, birnäçe ýerli ýaşaýjylar bilen tanşandygyny aýdýar. Alýona olary "ýowuz synaglara duçar bolan ýumşak ýürekli, mähirli adamlar" diýip häsiýetlendirýär.

Marinkada ol dükanlar indi ýok. Surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda alnypdy.

"Tiz wagtdan Marinkada ýekeje ýaşaýjynyň, ýekeje-de abat jaýyň galmajagymy göz öňüne-de getirip bilmändim" diýip, Alýona Grom aýdýar.

16/16 Marinkada ol dükanlar indi ýok. Surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda alnypdy.

"Tiz wagtdan Marinkada ýekeje ýaşaýjynyň, ýekeje-de abat jaýyň galmajagymy göz öňüne-de getirip bilmändim" diýip, Alýona Grom aýdýar.

Previous slide
Next slide

“Olara doly goldaw berilýär we olar döwlet ýardamlarynyň islendik görnüşine ýüz tutup bilýärler” diýip, ol aýdýar.

“Şäher adamlar entek ýerleşýänçä ynsanperwer ýardamlar we iýmit bilen üpjün edýär. Olarda iş tapmak, işe gitmek üçin, çagalaryň bolsa, çagalar baglaryna, mekdeplere gitmekleri üçin zerur şertler bar” diýip, ol aýdýar.

Hökümete degişli bolmadyk guramalar we döwlet ýardamlary geçiş döwrüni ýeňletmäge ýardam berýär, ýöne Natalýa we onuň ikinji synpda okaýan ogly heniz-de ýaşaýan ýeriňden göçmegiň täsirlerinden ejir çekýär.

“Onuň üçin öýi terk etmeklik agyr boldy” diýip, ol aýdýar. “Ol aglady. Gitmek islemedi. Ol ýerde onuň bir topar pişigi bardy”

Ýöne täze şertlerde käbir oňyn özgerişler hem bolup geçdi.

“Iň bolmanda bu ýerde başga çagalar-da bar, ol öýde ýalňyz bolýardy” diýip, Natalýa aýdýar.

“Hany nämeler bolar, garaşyp göreli. Hemme zat oňuna bolar diýip, umyt edýärin”

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG