Gazagystanyň ozalky ykdysadyýet ministi Kuandyk Bişimbaýew 2023-nji ýylyň noýabrynda öz aýaly Saltanat Nukenowany “zalymlarça ýenjip” öldürmekde günäli tapyldy we 24 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Suduň 13-nji maýdaky bu karary aktiwistleri we Nukenowanyň maşgala agzalaryny lapykeç etdi. Olar suduň ömürlik tussaglyk hökümini çykaryp, aýallaryň hak-hukuklary ugrundaky göreşijilere bir yşarat berjekdigine umyt edipdiler.
44 ýaşly Bişimbaýewiň dogan-oglany Bakytžan Baýžanow hem, bu ýokary derejeli işde jenaýat şärigi hökmünde geçdi. Ol bolan jenaýat barada wagtynda habar bermezlikde günäli tapyldy we dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Bişimbaýew we Baýjanow, şeýle-de pidanyň garyndaşlary we prokurorlar 15 günüň içinde suduň kararyny şikaýat edip bilýärler.
Bu iş, Gazagystanda maşgaladaky zorluklar baradaky nägilelikleriň has artýan döwründe, jemgyýetçiligiň uly ünsüni çekdi. Gazagystanda her alty zenanyň biri, erkek ýoldaşlary tarapyndan fiziki sütemlere duçar edilýär.