Gazagystanda, geçen noýabrda öz aýalyny öldürmekde şübhelenip saklanan, ozalky ykdysadyýet ministri Kuandyk Bişimbaýewe adam öldürmek we gynamak aýyplamalary bildirildi.
Bu onuň aýaly Saltanat Nukenowanyň gazaplylyk bilen ýenjilip öldürilmegi bilen ilteşikli.
Eger-de günäli tapylsa, Bişimbaýewe 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.
Ministrlik adam gynamak aýyplamalarynyň jikme-jiklerini aýan etmedi. Emma media maglumatlaryna görä, 43 ýaşly Bişimbaýew 9-njy noýabrda Astanada garyndaşlarynyň birine degişli restoranda aýalyny ençeme sagadyň dowamynda ýenjipdir.
Käbir habarlarda 31 ýaşly Nukenowanyň sagatlarça urlup duran mahaly entek diri bolandygy, emma äriniň Tiz kömek gullugyny çagyrmaga rugsat bermändigi aýdylýar.
Sud diňlenişiginiň senesi indi kesgitlenmeli.
Bişimbaýew 2016-njy ýylyň maý-dekabr aýlarynda ýurduň ykdysadyýet ministri wezipesinde işläpdi.