Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan çagalaryň ölümine sebäp bolan hindi dermanlary üçin uzak möhletli tussaglyk hökümlerini çykardy


Daşkent şäher kazyýeti 2022-nji ýylda Hindistandan Özbegistana getirilen üsgülewük şerbetiniň 68 çaganyň ölümine sebäp bolmagy bilen baglylykda, 23 adama, şol sanda hindi raýatyna, dürli möhletlerde, 20 ýyla çenli türme tussaglygy hökümlerini çykardy.

Kazy 26-njy fewralda çykaran kararyny yglan edende, derman import eden “Kuramaks lukmançylyk” kompaniýasynyň müdiri bolan hindi raýatyna, Ragwendra Pradara 20 ýyl iş kesilýändigini aýtdy.

Özbegistanyň döwlet dermanhana ösüş gullugynyň öňki başlygy Sardor Kariýewe 18 ýyl, onuň öňki iki orunbasaryna, Amirhon Azimowa we Nodirbek Musaýewe 16 ýyldan iş kesildi.

Günäkärlenýänleriň beýleki birnäçesine 10 ýyla çenli türme tussaglygy berildi, galanlary şertli ýagdaýda azatlykdan mahrum edildi.

Olar salgyt tölemekden gaçmak, hili pes ýa-da galp dermanlary satmak, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak, geleňsizlik, galplyk we para bermek ýaly aýyplamalarda aýyplandy.

XS
SM
MD
LG