Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan garaşsyz bolaly bäri ilkinji ilat ýazuwyny geçirýär


Özbegistan. Daşkentde bir bazarda düşürilen sura. Arhiwden alyndy.
Özbegistan. Daşkentde bir bazarda düşürilen sura. Arhiwden alyndy.

Özbegistanda 15-nji ýanwarda umumy ilat we oba hojalyk ýazuwy başlandy - bu ýurtda garaşsyzlygyny alaly bäri geçirilýän ilkinji ilat ýazuwy bolup durýar.

Bu çäre ilatyň sany we düzümi, migrasiýa, nika ýagdaýy, iş bilen üpjünçiligi we girdeji çeşmeleri, şeýle-de oba hojalygynyň ýagdaýy barada jikme-jik maglumatlary ýygnamagy maksat edinýär.

Ilat ýazuwy 26-njy fewrala çenli dowam eder we bir ýyldan gowrak wagt bäri daşary ýurtlarda bolan raýatlary hasaba almanyňda, takmynan 38 million adamy öz içine alar.

Ilkinji 17 günüň dowamynda maglumatlar internet arkaly ýygnalar, soňra bir aýyň dowamynda gapydan gapa, öýden öýe aýlanyp, ýazgy ediler. Ilat ýazuwyny geçirýän hünärmenler ýörite planşetleri ulanarlar. Ýazuw geçirmäge gatnaşanlar bir gezeklik tölegi, iň pes aýlygyň bir ýarym möçberine deň serişde, takmynan 1,9 million som (takmynan 153 dollar) sylag alarlar.

Özbegistanda iň soňky umumy ilat ýazuwy 1989-njy ýylda, SSSR-de geçirilen ilat ýazuwynyň çäginde geçirildi.

Soňky ýyllarda häkimiýetler şeýle kampaniýalaryň yzygiderliligi barada kanun kabul etdiler — ilat üçin her on ýylda we oba hojalygy üçin her bäş ýylda ýazuw geçirmeli edildi. Olar 2021-nji we 2022-nji ýyllarda synag ilat ýazuwlaryny geçirdiler we usulyýeti kämilleşdirdiler.

Ilat ýazuwynyň býujeti ilki 100 million dollar diýlip çaklanylýardy, ýöne 2024-nji ýylda kagyza ýazylan maglumatlary ýygnamagyň aradan aýrylmagy we ilat ýazuwyna gatnaşyjylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, ol 64 million dollara çenli azaldyldy.

XS
SM
MD
LG