Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Gazadaky sosial infrastrukturany dikeltmek işine gatnaşar

Şawkat Mirziýoýew we Donald Tramp duşuşyk wagtynda. Surat Özbegistanyň prezidentiniň web sahypasyndan alyndy.
Şawkat Mirziýoýew we Donald Tramp duşuşyk wagtynda. Surat Özbegistanyň prezidentiniň web sahypasyndan alyndy.

Özbegistan Gaza zolagynda ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we hassahanalaryň gurluşygyna goşant goşmaga taýýar diýip, prezident Şawkat Mirziýoýew 19-njy fewralda, Parahatçylyk geňeşiniň Waşingtonda geçirilen birinji sammitinde aýtdy.

Özbek lideriniň sözlerine görä, respublika Parahatçylyk geňeşini döretmek başlangyjyny goldady we onuň durmuşa geçirilmeginde amaly rol oýnamagy niýet edinýär. Mirziýoýew Özbegistanyň sosial infrastrukturany dikeltmek we sebit ilaty üçin mynasyp ýaşaýyş şertlerini döretmek işine mümkin bolan goşandy goşmaga taýýardygyny nygtady.

Özbegistanyň prezidenti halkara jemgyýetçiliginiň utgaşdyrylan tagallalarynyň çaknyşykdan soňky prosesiň durnuklylygyny üpjün etmäge we dikeldiş işlerini çaltlaşdyrmaga kömek etjekdigini belledi.

Özbegistan, Gazagystan bilen birlikde, Parahatçylyk geňeşiniň döredilendigi ýanwar aýynda yglan edileninden soň, oňa goşuldy.

Parahatçylyk geňeşi prezident Tramp tarapyndan Gaza zolagyndaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak üçin gurluş hökmünde teklip edildi. Şol bir wagtda, Ak Tam resmi däl ýagdaýda bu guramanyň soňy bilen BMG-niň alternatiwasy hökmünde bölekleýin hyzmat edip biljekdigini aradan aýyrmady.

XS
SM
MD
LG