Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Olimjon Abdullaýew 26-njy ýanwarda Russiýanyň Daşkentdäki ilçisi Alekseý Ýerhowy kabul etdi diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar Orsýetde işleýän özbegistanly raýatlaryň hukuklaryny goramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşiklere Özbegistanyň rus sebitlerindäki baş konsullary, şeýle-de Orsýetiň konsullyk bölüminiň, migrasiýa gulluklarynyň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
“Özbegistan tarapy migrasiýa barlaglary we reýdleri wagtynda, kanuna boýun bolýan adamlaryň we migrasiýa kanunlaryny bozanlaryň hukuklarynyň we adam mertebesiniň islendik görnüşde kemsidilmeginiň öňüni almagyň prinsipial ähmiýetini nygtady” diýlip, beýanatda aýdylýar.
Iki tarap hem özara gatnaşyklary yzygiderli gowulandyrmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin yzygiderli konsullyk maslahatlarynyň we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň zerurdygyny tassyklady.
Russiýanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda bu duşuşyk barada hiç bir habar berilmeýär.
Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen rus ilçisiniň arasyndaky duşuşyk prezident Şawkat Mirziýoýewiň daşary ýurtlardaky özbekleriň hukuklarynyň bozulmagyna bildiren aladasyndan bir hepde soň geçirildi.
15-nji ýanwarda geçirilen duşuşykda ol jemgyýetçiligiň daşary ýurtlarda guralýan dürli reýdlerde migrant işçileriň hukuklarynyň bozulmagyndan nägile bolýandygyny, Daşary işler ministrliginiň bu ýagdaýa bildirýän reaksiýasynyň resmi notalar bilen çäklenýändigini aýtdy.