Özbegistanyň Ýokary sudy 1920-1930-njy ýyllarda Sowet režimi tarapyndan aýyplanan 198 adamy aklady. Gürrüňi gidýän şahslar sowetler tarapyndan “rewolýusiýa garşy hereketlerde, ýaragly gozgalaňlarda, terrorizmde, içalyçylykda we sowetlere garşy hereket etmekde” aýyplanypdylar.
Ýokary sud munuň bilen bagly kararyny 6-njy maýda yglan etdi. Aklanan adamlaryň aglabasy ölüm jezasyna höküm edilipdi, galanlary hem uzak ýyllap tussaglykda saklanypdy.
Reabilitirlenen adamlaryň asly Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasyndan, şeýle-de Buhara, Namangan, Horezm we Jizzah regionlaryndan, galyberse-de paýtagt Daşkentden bolupdyr.
“Häzirki pursatda adalat dabaralandy. Köp ýyllap ýaşyryn saklanan hakykat çykdy. Garaşsyzlyk ugrunda jan gaýgyrman söweşen we öz janlaryny gurban edenleriň we repressiýanyň pidasy bolanlaryň mukaddes atlary, biziň halkymyzyň ýüreklerinde müdimilik ýaşar” diýip, suduň beýanatynda aýdylýar.
2023-nji ýylyň awgustynda Özbegistanyň Ýokary kazyýeti 1920-1930-njy ýyllarda sowet režimi tarapyndan rus we sowet güýçlerine garşy gazaply söweşen basmaçy hereketine gatnaşmakda aýyplanan 240 adamy aklapdy.