Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan we "Talyban" Owganystandan geçýän demir ýoluň gurluşygyny tizleşdirmegi maslahat etdiler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşkentde Özbegistanyň transport ministri Ilhom Mahkamow bilen Owganystanyň transport we raýat awiasiýasynyň ýerine ýetiriji ministri Hamidulla Ohunzoda duşuşyk geçirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar diýip, ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda geçirilen gürrüňdeşlik deslapky «Özbegistan – Owganystan – Pakistan» demir ýolunyň gurluşygy boýunça taslamany amala aşyrmak işlerini çaltlandyrmak bilen baglanyşykly alnyp baryldy diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle hem taraplar özara bähbitli şertlerde, ýol ulaglary üçin ýygymlaryň ýygnalmagy hakynda ylalaşyga geldiler. Owganystanyň üsti bilen tranzit ýollaryň ösdürilmegi we demir ýol ulaglary üçin, ýeňilleşdirilen tarifleriň üpjün edilmegi meselesine-de garap geçdiler.

2021-nji ýylyň fewralynda, Daşkentde Özbegistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň häkimiýetleri «Termez – Mazar-i-Şerif – Kabul – Peşawar» demir ýol gurluşygyny amala aşyrmagyň ýol kartasyna gol çekdiler. Ondan bäri meýdan-barlag işleri tamamlandy we taraplar demir ýoluň giňligi hakyndaky mesele boýunça belli ylalaşyga geldiler.

Geçen ýylyň maý aýynda, Daşkentde demir ýoluň gurluşygyny utgaşdyrmak boýunça proýekt edarasy açyldy. 2023-nji ýylyň aýagyna çenli bolsa, taslamanyň amala aşyryljak barlagyny taýýarlamak meýilleşdirildi.

Trans-owgan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy 2018-nji ýylda yglan edildi, onuň gurluşygyna 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak göz öňünde tutuldy. Emma 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda, Owganystanda "Talyban" häkimiýeti ele alandan soň, gurluşyga başlamak işi gijikdirildi.

«Termez – Mazar-i-Şerif – Kabul – Peşawar» demir ýol gurluşygynyň taslamasynyň takmynan bahasy 5 milliard dollara barabar boldy. Emma 2022-nji ýylyň dekabrynda, Pakistanyň Demir ýol ministri Zafar Ranja taslamanyň täze hasaplanan bahasynyň 8,2 milliard dollara barabar boljakdygy hakda beýanat berdi.

Uzaklygy tas 600 kilometre golaý demir ýoly Özbegistan we sebitiň ýurtlary üçin, Pakistanyň deňiz portlaryna ýol açar.

Eger taslama doly güýjünde herekete getirilse, onda häzirki wagtda bolşy ýaly, Özbegistandan Pakistana ýük daşamak 35 güni almaz-da, onuň deregine 3-5 günüň içinde, haryt eltmek mümkin bolar. Bir adaty standart gämi konteýnerini barmaly ýerine ugratmagyň bahasy üç esse arzan düşer. Bu ýol boýunça ýükleriň daşalmagynyň möçberi ýylda 10 million tonna çenli ýetip biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG