Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistana edilen söwda saparlarynda türkmenistanlylar öňe saýlandy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda işewürlik niýeti bilen Özbegistana gelen daşary ýurtlularyň arasynda Türkmenistanyň raýatlary birinji orny eýeledi.

Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, ýylyň ilkinji iki aýynda söwda maksady bilen Özbegistana gelen türkmenistanlylaryň sany 12 müňden gowrak adam boldy.

Türkmenistandan soňky orny 2 müň 937 adam bilen Täjigistan eýeleýär, ondan soňky orunda 582 adam bilen Owganystan durýar.

Döwlet statistika komiteti 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Özbegistana söwda, täjirçilik işleri bilen baglylykda 16,9 müň adamyň gelendigini habar berdi. Bu görkeziji, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurda söwda etmäge gelýän adamlaryň sanynyň 3,1 esse köpelendigini görkezýär.

Gürrüňi edilýän döwürde, ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistana Hytaýdan 260 adam, Türkiýeden 243, Hindistandan 167, Günorta Koreýadan 133, Gyrgyzystandan 101, Eýrandan 65, ABŞ-dan 61 we beýleki ýurtlardan 384 adam söwda etmäge geldi.

XS
SM
MD
LG