Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistana söwda etmäge gelýänleriň öňüni türkmen raýatlary çekýär


Türkmen-özbek serhedinde nobatyna garaşýan adamlar. Arhiw suraty
Türkmen-özbek serhedinde nobatyna garaşýan adamlar. Arhiw suraty

Ýanwar-mart aýlarynda Özbegistana söwda etmäge gelen daşary ýurt raýatlarynyň arasynda türkmenistanlylar öňe saýlandy diýip, Daryo.uz neşiri ýurduň statistika gullugyna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu döwürde Özbegistana jemi 38,4 müň daşary ýurtly söwda etmäge gelipdir.

Resmi maglumatlar Özbegistana Türkmenistandan 23 376 adamyň söwda etmäge gelendigini görkezýär. Ikinji orunda 11 186 adam bilen Täjigistan, üçünji ýerde bolsa 1 087 adam bilen Owganystan durýar.

Bu döwürde Özbegistana Hytaýdan (547 adam), Türkiýeden (410), Hindistandan (366), Gyrgyzystandan (231), Günorta Koreýadan (227), Eýrandan (115), ABŞ-dan (115) we beýleki ýurtlardan gelen 747 adam hasaba alnypdyr.

Görkezijiler, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda etmäge gelýän daşary ýurtlularyň sanynyň 2,7 esse köpelendigini, ýagny ýurda 24,4 müň adamyň köp gelendigini aňladýar.

XS
SM
MD
LG