Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2025-de Özbegistanda 9 müňden aşa türkmenistanly bilim aldy

Täjigistanda bilim alýan türkmenistanly talyplar (arhiw suraty)
Täjigistanda bilim alýan türkmenistanly talyplar (arhiw suraty)

2025-nji ýylda Özbegistanda bilim alan daşary ýurtly studentleriň arasynda, sany boýunça, türkmenistanly talyplar ikinji orny emeli getirdi. Özbegistanyň Statistika boýunça milli komitetiniň hasabatyna görä, geçen ýyl Özbegistanda bilim almak maksady bilen 39 müň 700 adam ýaşap, bu görkeziji ondan ozalky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58.2% ýokarydyr.

Maglumata görä, birinji orunda hindistanly talyplar bolup, olaryň sany 17 müň 241-e deň bolupdyr. Geçen ýyl goňşy ýurtda bilim alan türkmenistanlylaryň sany 9 müň 349 talyp bolupdyr. Birinji bäşlige şeýle-de Täjigistan (2.904), Pakistan (1.779) we Hytaý (1.428) girdi.

Ýerli synçylar Türkmenistanyň ÝOJ-laryndaky orunlaryň sanynyň mekdebi gutarýan ýaşlaryň sanyna görä esli az bolmagynyň we olara okuwa girmek üçin paranyň mukdarynyň onlarça müň dollara ýetmeginiň, türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almak üçin daşary ýurtlaryň ÝOJ-laryna ýykgyn etmegine getirendigini aýdyp gelýärler.

Türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi daşary ýurtlarda, hususan-da, Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar.

XS
SM
MD
LG