Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda daşary ýurtda söweş hereketlerine gatnaşmagy wagyz edýän mahabat üçin jerimeler giriziler

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasy 3-nji fewralda Administratiw jogapkärçilik kodeksine girizilýän üýtgetmeleri birinji diňlenşikde kabul etdi diýip, aşaky palatanyň metbugat gullugy habar berdi.

Özbek kanun çykaryjylary daşary ýurt döwletiniň çäginde ýa-da şol döwletiň tarapynda ýaragly çaknyşyklara ýa-da harby hereketlere gatnaşmagy wagyz edýän materiallary ýaýratmak we görkezmek üçin administratiw jogapkärçiligi ornaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Deputatlaryň bellemegine görä, bu kada ilata, şol sanda ýaşlara ýaramaz täsir edýän faktorlary aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasynyň deputaty Huşwakt Haýitow Gazeta.uz neşirine: “Ýerlerde geçirilen seljermeleriň netijesinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda, yşyklandyryş sütünlerinde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde daşary ýurtda iş ýa-da uly pul wada berýän Telegram kanallaryna degişli grafitiler we bildiriş kagyzlary tapyldy. Bular arkaly ulanyjylar daşary ýurtlarda söweş hereketlerine gatnaşmaga ýa-da neşe daşaýjy işine çekilýärler” diýip, belledi.

Özbegistanyň häkimiýetleri raýatlaryna daşary ýurtlarda ýaragly çaknyşyklara gatnaşmagyň jenaýat jogapkärçiligine eltýändigini dowamly ýatladýarlar. Özbegistanda Ukrainada söweşen raýatlar bilen baglylykda ýüzlerçe iş açyldy, watana dolanan käbir hakyna tutma söweşijiler sud jogapkärçiliigne çekilip, azatlykdan mahrum edildi.

XS
SM
MD
LG