Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda geçiriljek irki prezident saýlawlarynda irki ses berişlik başlandy


Özbegistanda 9-njy iýulda geçiriljek irki prezident saýlawlarynda öňünden ses berişlik başlandy diýip, Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Respublikada we daşary ýurtlarda öňünden ses bermek üçin guralan saýlaw uçastoklary 28-nji iýunda, ýerli wagt bilen sagat 11.00-da açyldy.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw güni ýaşaýan ýerinde bolmaga mümkinçiligi bolmadyk raýatyň ir, saýlaw gününden has öň ses bermek hukugy bar.

Munuň üçin saýlawçylar saýlaw güni özüniň bu ýerde bolup bilmezliginiň sebäbini görkezýän beýannama bilen uçastok saýlaw toparyna ýüz tutmaly. Ir ses bermek mümkinçiligi iş sapary, daşary ýurda syýahat, dynç alyş we beýleki sebäpler esasynda berilýär.

Merkezi saýlaw topary irki ses berişligiň 5-nji iýulda tamam boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG