Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda türkmen pulunyň hasabyna ýene 33 kärhana açyldy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmen metbugaty Özbegistanda türkmen maýasynyň hasabyna ýene 33 sany täze kärhananyň döredilendigini habar berýär.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda 33 sany täze kärhana döredildi diýip, “Türkmenportal” Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp ýazýar.

Neşiriň maglumatyna görä, Özbegistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda jemi 207 sany täze bilelikdäki kärhana döredilip, olaryň 15,9 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär.

Özbegistanda soňky sekiz aýdan döredilen bilelikdäki kärhanalaryň esasy köplügi rus (425) , hytaý (383) we türk (157) maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilipdir.

Umuman, häzir Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalaryň 136-synyň işleýändigi habar berilýär.

Şeýle-de, Özbegistanda häzir rus maýasynyň hasabyna açylan 2849, hytaý maýasyna açylan 1929, türk maýasyna 1719 kärhananyň işleýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG