Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda türme tussaglygyna höküm edilýän adamlaryň sany dört ýylda üç esse köpeldi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistanda türme tussaglygyna höküm edilýän adamlaryň sany köpelýär. Ýokary kazyýetiň çap eden hasabatyna laýyklykda, 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli aralykda kazyýetiň karary bilen azatlykdan mahrum edilen adamlaryň sany üç esse köpeldi.

2019-njy ýylda 6,955 adam türme tussaglygyna höküm edilen bolsa, 2022-nji ýylda 17,610 adam azatlykdan mahrum edildi diýip, hasabatda aýdylýar.

Soňky dört ýylda ýurtda ýüz urulýan agyr jenaýatlaryň hem sany köpeldi. Mysal üçin, 2019-njy ýylda bilkastdan adam öldürmek we zorlamak bilen bagly jenaýatlaryň sany 154 bolan bolsa, 2022-nji ýyla çenli bu hili jenaýatlaryň sany degişlilikde 422 we 170 boldy.

Ýokary kazyýetiň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda 27 292 adama azatlykdan mahrum etmek jezasy berlen bolsa, 2022-nji ýylda bu hili jeza berlen adamlaryň sany 79,271-e ýetdi. Şu ýylyň birinji çärýeginde bolsa 18244 adam türme tussaglygyna höküm edildi.

2019-njy ýyldan 2023-nji ýylyň martyna çenli aralykda Özbegistanda jemi 11 adam ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG