Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda tussag aýallara ÝOJ-larda okamak mümkinçiligi dörediler

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistanda türme tussaglygy jezasy berlen aýallara hünär edinmek we uniwersitetlerde uzakdan okamak mümkinçiligi dörediler diýip, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabarada aýtdy.

"Gazeta.uz" neşiriniň döwlet baştutanynyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, häzirki wagtda Özbegistanyň türmelerinde 2589 zenan jeza çekýär, olaryň 1239-sy orta bilimli, ýöne hiç bir hünäri ýok. Tussaglaryň 443-si Ýokary okuw jaýynda okamak isleýändigini aýtdy. Tussag edilen zenanlaryň sosial taýdan dikeldilmegini goldamak üçin "Ýaňi haýot" (Täze durmuş) maksatnamasy işe giriziler.

“Dürli ýagdaýlar sebäpli we bilmezlikde jenaýat eden aýallar hem ýurduň öz raýatlary bolup durýar. Şeýle-de, biz olaryň sosial taýdan dikeldilmegi we jemgyýetiň doly hukukly agzalaryna öwrülmegi barada çynlakaý oýlanmaly” diýip, Mirziýoýew aýtdy.

Tussaglykdaky aýallara giriş synaglaryny tabşyrmak, uniwersitetlere girmek we uzakdan okamak mümkinçiligi berler. Prezidentiň sözlerine görä, şertnama boýunça okanlara jezalaryny çekip, iş tapanlaryndan soň yzyna gaýtarmak şerti bilen, göterimsiz karz hem berler.

XS
SM
MD
LG