Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň ekologiýa ministri bag ekenleriň artdyryp ýazandygyny aýdýar


Aziz Abduhakimow
Aziz Abduhakimow

Özbegistanda “Ýaşyl mekan” taslamasynyň çägindäki işleri ýerine ýetirenler hakykatda ekilmedik 2 million düýp bag nahalyny artdyryp ýazdylar we suwaryş mümkinçiligi bolmadyk ýerlerde 7,3 million düýp nahal oturtdylar.

Özbegistanyň ekologiýa ministri Aziz Abduhakimow bu sözleri 5-nji iýulda parlament deputatlarynyň öňünde çykyş edip, “Ýaşyl mekan” taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada beren hasabatynda aýtdy.

Ministriň tassyklamagyna görä, aslynda ekilmedik 2 million nahalyň 959 müň düýbi Nawoýy sebitinde, 564 müň düýbi Daşkentde, 465 müňüsi Fergana we 227 müň düýbi Kaşkadarýada ýüze çykaryldy. Ýerli häkimiýetler bu nahallary ekilen, oturdylan baglar hökmünde resmileşdiripdir.

Mundan başga, ekilenden soň 1.800,000 bag nahalynyň idegsiz, gözegçiliksiz galdyrylandygy ýüze çykaryldy. Hususan-da, Ferghana sebitinde 415 müň düýp nahal, Daşkent sebitinde 355 müň we Surhandaryýa sebitinde 331 müň düýp nahal idegsiz galdyrylypdyr.

Şeýle-de, ýurduň suwaryşa doly mätäç we suwaryş ulgamlary bilen üpjün edilmedik ýerlerinde 7,3 million nahalyň oturdylandygy anyklandy.

XS
SM
MD
LG