Özbegistanyň Yslam boýunça ýokary edarasy kripto-pul serişdeleri baradaky çykaran fatwasyny ýatyryp, munuň ilki “seresapsyzlyk” sebäpli Internetde peýda bolandygyny, şeýle-de bu meseläniň entegem seljerilýändigini aýtdy.
Özbegistan musulmanlarynyň ruhy müdirliginiň, ýagny Müftüligiň Fatwa merkeziniň websaýtynda 3-nji iýunda çap bolan ilki başdaky maglumatda, kripto-pul serişdeleriniň Şerigatyň pul baradaky talaplaryna gabat gelmeýändigi nygtalypdy.
Fatwa merkezi kripto-pul serişdeleriniň bahasynyň dowamly oýnap durýandygy, şeýle-de kripto medeniýetinde “humaryň alamatlarynyň” bardygy sebäpli, ony haram diýip ykrar etmäge, ýagny Yslamyň kanunlaryna çapraz hökmünde kesgitlemäge esas berýändigini aýdypdy.
Özbek Fatwa merkezi Türkiýe, Müsür we Iordaniýa ýaly ýurtlaryň hem dini işler boýunça häkimiýetleriniň kripto-pul serişdelerine garşy gollanma ýaýradandygyny nygtady.
Özbegistanyň ilatynyň 90% töwereginiň özüni musulman hasaplamagy bilen, ýurtda Müftüligiň beýan edýän pikirlerine uly agram berilýär.