Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň Ýokary kazyýeti garagalpak žurnalistleriniň şikaýatlaryny ret etdi


 Dauletmurat Tajimuratowa 16 ýyl iş kesildi.
 Dauletmurat Tajimuratowa 16 ýyl iş kesildi.

Özbegistanyň Ýokary kazyýeti garagalpak žurnalistleri Dauletmurat Tajimuratowyň we Lolagul Kallyhanowanyň geçen ýyl ýurduň Garagalpak awtonom respublikasynda hökümete garşy guralan köpçülikleýin protestler sebäpli berlen uzak möhletli türme möhletlerinden eden şikaýatlaryny ret etdi.

Täjimuratowyň aklawçysy Sergeý Maýorowyň maglumatyna görä, höküm çykarylan 18 erkegiň we aýalyň şikaýatyna sereden Ýokary kazyýet 5-nji iýunda günäkärlenýänleriň sekiz sanysynyň türme tussaglygynyň şertli ýagdaýda üýtgedilmegini, alty tussagyň bolsa türme möhletini gysgaltmagy buýurdy.

Ozal baş redaktory bolan “El Hyzmetinde” (Halk hyzmatynda) gazetiniň aklawçysy Tajimuratow 31-nji ýanwarda, beýleki günäkärlenýänler bilen bilelikde, Buhara sebit kazyýeti tarapyndan azatlykdan mahrum edildi.

Oňa 16 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy berildi. Makan.uz web sahypasyny esaslandyryjy Kallyhanowa bolsa sekiz ýyl iş kesildi. Bu iki tussagyň hökümleri üýtgemedi.

XS
SM
MD
LG