Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek lideri Mirziýoýew netijesi öňünden belli bolan saýlawda ýeňiji boldy


Şawkat Mirziýoýew Daşkentde ses berýär
Şawkat Mirziýoýew Daşkentde ses berýär

Şawkat Mirziýoýew 9-njy iýulda repressiw Merkezi Aziýa döwletinde netijesi öňünden belli bolan irki prezident saýlawynda üçünji möhlete prezident saýlandy.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 10-njy iýulda, deslapky netijelere görä, Mirziýoýewiň 87,1% ses bilen gaýtadan saýlanandygyny aýtdy.

Merkezi saýlaw topary 9-njy iýulda hasaba alnan saýlawçylaryň takmynan 70 göteriminiň (takmynan 13,46 million adam) günortana çenli ses berendigini we sanlaryň ses berişligi tassyklamak üçin zerur bolan 33 göterim sepgidinden aňsatlyk bilen geçendigini aýtdy.

ÝHHG-nyň halkara synçylary 10-njy iýulda metbugat ýygnagyny geçirip, saýlawyň geçişi baradaky hasabatyny hödürlemeli.

Resmi taýdan Mirziýoýew bilen bäsleşige çykan üç kandidat saýlaw kampaniýasy döwründe esasan dymdy.

XS
SM
MD
LG