Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek polisiýasynyň üç ofiserine garagalpak gozgalaňy bilen bagly iş kesildi


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Özbek kazyýeti geçen ýyl ýurduň Garagalpak awtonom respublikasynda hökümete garşy guralan köpçülikleýin protestler bilen baglanyşykly kazyýet işinde üç polisiýa ofiserine türme tussaglygy hökümlerini çykardy.

Merkezi Aziýa ýurdunyň Ýokary kazyýeti hepde aýagynda polisiýanyň iki ofiseriniň adam gynamalarynda aýyplanyp, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilendigini aýtdy.

Şeýle-de, olar türme möhletlerini tamamlanlaryndan soň iki ýyllap hukuk goraýjy edaralarda işlemesiz edildi.

Üçünji polisiýa işgäri bolsa, günorta-günbatar Kogon şäherindäki kazyýetiň karary esasynda, halas etmäge gelmändigi we nädogry görkezme berendigi üçin günäkär tapylyp, üç ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Ol türme möhletini tamamlanyndan soň bir ýyllap hukuk goraýjy işgär bolup işlemesiz edildi.

Tussaglyk hökümi çykarylan ofiserler özlerini günäkär hasaplamaýandyklaryny we çykarylan hökümlerden şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG