Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti 300 bendiniň günäsini geçdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew jenaýat etmişleri sebäpli tussaglyga höküm edilen 334 bendiniň günäsini geçdi.

Mirziýoýew bu karara 7-nji dekabrda özbek konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 31-nji ýyl dönümi mynasybetli gol çekdi.

Günäsi geçilenleriň arasynda daşary ýurduň 18 raýaty, 23 aýal, 60 ýaşdan uly 15 erkek we gadagan edilen guramalar bilen ilteşikli tussag edilen 88 şahs bar.

Awtoritar dolandyryjy Mirziýoýew möhüm baýramçylyklara gabat ýurtda günä geçişlikleri yglan edýär.

XS
SM
MD
LG