Nowosibirsk garnizonynyň harby sudy Özbegistanyň raýaty Jasurjon Ergaşaliýewi serhetden bikanun geçmäge synanyşmakda günäli tapdy (Jenaýat kodeksiniň 30-njy maddasynyň 3-nji bölegi, 322-nji maddasynyň 1-nji bölegi).
“Mediazona” kazyýetiň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda çykaran kararyna ünsi çekdi.
Ergaşaliýew 2023-nji ýylyň aprelinde Çelýabinskde neşe serişdeleriniň gaçakçylygynda aýyplanyp, 11 ýyl 8 aý möhlet bilen berk gözegçilikli türme tussaglygyna höküm edildi.
Ol tussaglykda Orsýetiň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşyp, Ukraina garşy urşa girdi.
Neşir onuň frontda ýaralanyp, hassahanada bejergi alanyndan soň, maý aýynda Nowosibirsk şäherine gelip, ol ýerde Gazagystanyň Russiýa bilen aradaky serhedinden geçmegine "kömek berilmegi" üçin gürleşendigini belleýär.
24-nji maý agşamy serhediň golaýyndaky tokaý zolagyna gelip, "ýolbelede" garaşan Ergaşaliýew 25-nji maý gijesi FSB-niň serhet gullugynyň işgärleri tarapyndan tussag edildi.
Kazyýet ony serhetden bikanun geçmäge synanyşandygy üçin alty aý türme tussaglygyna höküm etdi. Ýöne, öňki höküm boýunça çekilmedik jezasy göz öňünde tutulyp, oňa ýedi ýyl dokuz aý möhlet bilen berk düzgünli türme tussaglygy hökümi çykaryldy.