Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýan: Moskwanyň Ukrainadaky urşunda Ermenistan Russiýanyň ýarany däl


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan (çepde) CNN Prima News kanalyna interwýu berýär.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan (çepde) CNN Prima News kanalyna interwýu berýär.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Moskwanyň “Ukraina bilen urşunda biz Russiýanyň ýarany däl” diýdi.

Paşinýan Pragadaky CNN Prima News kanalynda 1-nji iýunda giçlik efire berlen interwýusynda Ermenistanyň Russiýa ýolbaşçylygyndaky toparlara agzalygynyň Günbatarda Ýerewana Moskwanyň ýarany hökmünde garalmagyna getirýändigini, ýöne rus häkimiýetleriniň Ukrainadaky uruşda Ermenistanyň özleriniň ýarany däldigine düşünýändigini aýtdy.

“Bu şeýle bir nokada baryp ýetýär, biz hiç kimiň ýarany däl” diýip, Paşinýan aýtdy. Ol Ýerewan üçin Günbatar bilen Moskwanyň arasynda manýowr etmegi dowam etdirmegiň kynlaşýandygyny, ýagdaýyň “has çylşyrymlaşýandygyny” aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG