Pakistanyň harbylary ýene-de Kabuly jeňçilere pena bermekde aýypladylar. 7-nji maýda edilen beýanatda Pakistanda 26-njy martda bäş hytaýly hünärmeniň we bir ýerli sürüjiniň heläk bolmagyna getiren janyndan geçeniň hüjüminiň, goňşy Owganystanda planlaşdyrylandygy hem bellenilýär.
Pakistanyň Ýaragly güýçleriniň metbugat wekili, general-maýor Ahmadi Şarif hüjümçiniň owgan raýaty bolandygyny mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, “Tehrik-e Taliban Pakistan” jeňçi toparynyň agzalary Owganystanda ýerleşip, olar Pakistanyň territoriýasynda dowamly hüjümleri amala aşyrýarlar. Bu radikal yslamçy topar Waşington tarpyndan terroristiki gurama hökmünde ykrar edilýär.
Şarif Owganystandaky “Talybanyň” hökümetine “anyk delilleriň” hödürlenendigini aýtdy, emma munuň bilen bagly soňra hiç bir hereketiň bolmandygyny hem sözüne goşdy.