Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda agyr ýagyşlaryň netijesinde 20 adam heläk boldy


Pakistanyň kartasy
Pakistanyň kartasy

10-njy iýunda Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitlerinde güýçli ýagynyň netijesinde ençeme ýaşaýyş jaýy weýran boldy, şeýle-de azyndan 20 adam heläk boldy we başga-da 80 töweregi ýaralandy. Bu barada ýerli resmiler maglumat berdi.

Ýagyn Khyber Pakhtunkhwa welaýatynyň etraplaryna has köp zyýan ýetirdi.

Harasatda baglar agdy we elektrik sütünleri ýykyldy.

Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarif heläk bolanlar bilen bagly gynanç bildirdi.

XS
SM
MD
LG