Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda öz gyzyny öldürmekde aýyplanýan tussag edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Khyber Pakhtunkhwa regionynda bir gyzyň Facebook sahypasynda hallaşýan oglany bilen suraty ýerleşdireni üçin, ony öldürmekde aýyplanyp dört adam saklandy.

Kohistan etrabynyň polisiýa işgäri Nur Muhammadyň 28-nji noýabrda Azatlyga aýtmagyna görä, Rima atly gyz 24-nji noýabrda onuň kakasy, şeýle-de ýene üç sany erkek garyndaşy tarapyndan öldürilipdir. Waka Kohistanyň Palas-Koltai obasynda ýüze çykypdyr.

Anonim çeşmäniň Azatlygyň Pakistan gullugyna, ýagny Radio Maşala aýtmagyna görä, paýlaşylan suratdaky oglan we beýleki gyz häzir polisiýanyň goragy astynda saklanýar.

XS
SM
MD
LG