Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek TOPH proýektiniň gijikdirilmegine alada bildirdi diýip, The Express Tribune neşiri 27-nji martda habar berdi.
26-njy martda nebit ministri Musadik Malik ilçi Atajan Möwlýamow bilen geçiren duşuşygynda, Pakistanyň TOPH proýektiniň ilerlemegine ygrarly bolup durýandygyny belläpdir.
Bu duşuşyk barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň websaýtynda maglumat ýok. Türkmen hökümetçi onlaýn neşirlerinde bu boýunça habar çyksa-da, onda türkmen ilçisiniň dile getirendigi aýdylýan aladalary barada maglumat berilmeýär.