Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň demirgazygynda aýry başga hüjümlerde bäş polisiýa ofiseri öldürildi


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

10-njy ýanwarda Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän dartgynly Khyber Pakhtunkhwa welaýatynda amala aşyrylan aýry-başga hüjümlerde bäş polisiýa ofiseri we asuda ilatdan bir adam heläk boldy.

Welaýatyň Bannu şäherinde iki polisiýa ofiseri öldürildi diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlygyň Pakistan gullugyna gürrüň berdiler. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Pakistanyň Talybany” topary öz üstüne aldy.

Ýene iki ofiser polio-waksinasyny sanjym edýän topary goramak üçin goýberilen topara edilen hüjümde atylyp öldürildi. Hadysada başga-da iki howpsuzlyk işgäri ýaralandy. Bu hüjümi gadagan edilen “Tehrik-e Taliban Pakistan” topary özüniň amal edendigini aýtdy.

Başga bir hüjümde, ona golaý ýaragly jeňçi sebitiň demirgazyk-günbataryndaky polisiýanyň barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edip, bir polisiýa ofiserini we asuda adamy öldürdi. Munuň jogapkärçiligini bada-bat hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG