Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda üç esger öldürildi


Pakistanly esger janyndan geçen hüjümçiniň özüni partladylan sebitinde dur (arhiw suraty)
Pakistanly esger janyndan geçen hüjümçiniň özüni partladylan sebitinde dur (arhiw suraty)

15-nji dekabrda irden Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky regional polisiýa edarasyna edilen hüjümde üç esger we güman edilýän üç jeňçi öldürildi. Bu barada ýerli polisiýa başlygy Iftikar Ali Şah Azatlygyň Pakistan gullugyna aýtdy.

Ol hüjümiň Owganystan bilen serhetleşýän Khyber Pakhtukhwa welaýatynyň Dera Ismail Han sebitiniň Tank şäherinde ýüze çykandygyny takyklaşdyrdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini täze esaslandyrylan “Ansar al-Jihad” jeňçi topary öz üstüne aldy.

Bu hüjümden üç gün öň, bu sebitde janyndan geçen bir hüjümçiniň polisiýa edarasynda özüni ulagda partlatmagy, şeýle-de başga bäş jeňçiniň ýaraglardan ot açmagy netijesinde 23 ofiser heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG