Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri şu hepdäniň dowamynda buluç söweşijileri bolmakda güman edilýän 22 adamy öldürdiler. Maglumata görä, jeňçiler Pakistanyň geçen aý söweşijileriň Eýrandaky pozisiýalaryna zarba urmagyna jogap hökmünde hüjümleri amala aşyrypdyrlar.
30-njy ýanwarda daňdan jeňçiler Bulujystanyň Maç etrabyna raketalar bilen hüjüm edeninde, howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan dört gullukçy we iki asuda adam heläk boldy.
Hüjümiň jogapkärçiligini gadagan edilen Bulujystanyň Azatlyk Armiýasy topary öz üstüne aldy.
Ýerli resmiler Maç etrabynda jeňçi bolmakda güman edilýän 22 adam öldürilenden soň, ýagdaýlaryň gözegçilik astyna alnandygyny habar berdiler.
Bulujystanda buluç ýaragly separatistler onlarça ýyl bäri hereket edip, kä-te howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümleri hem gurnaýarlar.