Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň harbylary güman edilýän ýedi jeňçini öldürdi


Pakistanyň Günorta Waziristan regiony (arhiw suraty)
Pakistanyň Günorta Waziristan regiony (arhiw suraty)

Pakistanyň harbylary Khyber Pakhtunkhwa regionunyň Günorta Waziristan etrabynda ýüze çykan atyşykda yslamçy jeňçidigi çak edilýän ýedi adamy öldürdiler. Bu barada harbylar 27-nji noýabrda habar berdiler.

Beýanatda öldürilen güman edilýän jeňçileriň anyk haýsy topara degişli bolandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Emma sebitde “Pakistanyň Talybany” hem diýlip bilinýän “Tehrik-e Taliban Pakistan” toparynyň jeňçileri hereket edýär.

Yslamabat Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylaryny jeňçilere öz territoriýasyndan serhetden geçip hüjümleri amal etmäge ygtyýar bermekde aýyplady.

“Talyban” muny ret etdi.

XS
SM
MD
LG