Pakistanyň günorta-günbataryndaky kömür käninde dörän partlamada 12 magdançy heläk boldy, galan sekizsi halas edildi. Bu barada ýerli häkimiýetler 20-nji martda habar berdiler.
Bulujystan welaýatynyň resmileri “halas ediş işleriniň tamamlanandygyny” aýtdylar. Kände metan gazynyň toplanmagy sebäpli partlama dörän mahaly, 20 magdançy bar eken. Halas edilen sekiz adam keselhana ýerleşdirildi.
Pakistanyň günbataryndaky sebitlerde köp kömür käni bolup, olarda partlamalar hem ýygy-ýygyndan ýüze çykýar. Muňa esasan gazyň toplanmagy sebäp bolýar.