Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň ozaky premýer-ministri Khan gizlin dokumentleriň syzdyrylmagy boýunça aýyplanýar


Pakistanyň ozalky premýer-ministri Imran Khan (arhiw suraty)
Pakistanyň ozalky premýer-ministri Imran Khan (arhiw suraty)

Pakistanyň Rawalpidi şäherindäki sudy ýurduň ozalky premýer-ministri Imran Khana we ozalky daşary işler ministri Şah Mehmud Kureşä gizlin dokumentleriň syzdyrylandygy aýdylýan iş boýunça aýyplama bildirdi. Olaryň ikisi-de bu aýyplamalary ret etdiler.

Gürrüňi gidýän iş geçen ýyl Pakistanyň Waşingtondaky ilçisinden gelen hat bilen ilteşikli. Han ony özüniň häkimiýetden çetleşdirilmeginde Pakistanyň täsirli harbylarynyň we ABŞ-nyň ilteşigi bar ýaly edip görkezmäge çalyşdy. Olaryň ikisi hem bu aýyplamany ret etdiler.

Han geçen ýylyň aprelinde ynamsyzlyk boýunça ses berişligiň netijesinde häkimiýetden çetleşdirilipdi. Ol awgustda parahorlykda günäli tapylyp, üç ýyl tussaglyga höküm edildi.

XS
SM
MD
LG