Pakistanda sud ozalky premýer-ministr Imran Hany we onuň “Pakistan Tehrik-e Insaf” partiýasyndaky orunbasarlarynyň biri Şah Mahmud Kureşini döwlet syrlaryny aýan etmekde günäli tapyp, her birini 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Suduň bu baradaky hökümi Rawalpandi şäherindäki Adiala türmesinde geçirilen diňlenişigiň dowamynda çykaryldy.
Han 2022-nji ýylyň aprelinde parlamentiň ynam bildirmezligi netijesinde wezipesinden çetleşdirilipdi.
Ol häzir parahorlyk aýyplamalary boýunça üç ýyl türme tussaglygyny geçýär.
Hana çykarylan höküm 8-nji fewralda geçmeli parlament saýlawlarynyň öň ýanyna gabat geldi.