Birleşen Ştatlar Eýrana garşy urşunyň netijesinde ok-däri serişdeleriniň potensial ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýlip, Pentagonyň baş inspektorynyň täze hasabatynda aýdylýar. Bu resminama çaknyşygyň şu güne çenli bolan çykdajylarynyň doly resmi hasabatyny berýär.
ABŞ-nyň Eýrana garşy dowam edýän hüjümlerini “Epiki gazap operasiýasy” (EGO) diýip atlandyrýan hasabatda “EGO döwründe ok-däri serişdeleriniň harçlanmagynyň strategik ätiýaçlyklaryň ýetmezçiligine getirendigi we ok-däri üpjünçiliginiň täzelenmegini goldaýan senagat bazasyndaky kynçylyklary ýüze çykarandygy" aýdylýar.
14-nji sentýabrda ABŞ-nyň Kongresine hödürlenen we bu görnüşdäki ilkinji hökmany hasabatda baş inspektor 28-nji fewral bilen 30-njy iýun aralygynda ABŞ-nyň Erana garşy harby operasiýasynyň takmynan 33,4 milliard dollara barabar bolandygyny, şol mukdaryň 22,3 milliard dollarynyň bolsa diňe ulanylan ok-däri serişdelerine sarp edilendigini mälim etdi.
Pentagon ABŞ-nyň harby güýçleriniň islendik çaknyşyklara garşy göreşmek üçin zerur bolan ähli ýaraglara eýedigini aýdyp, ok-däri serişdeleriniň ýetmezçiligi baradaky habarlary yzygiderli ret etdi.
Prezident Donald Tramp 14-nji sentýabrda “Truth Social” saýtynda paýlaşan maglumatynda “Birleşen Ştatlar taryhymyzyň islendik döwründen has köp ajaýyp we elit ýarag öndürýär” diýdi.
“Olar her gün Ýakyn Gündogardaky we ondan daşardaky güýçlerimize iberilýär” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Şeýle-de, baş inspektoryň hasabatynda “konflikt döwründe Eýranyň hüjümleriniň Kuweýtdäki, Bahreýndäki, Katardaky, BAE-däki, Saud Arabystanyndaky, Yrakdaky, Omandaky we Iordaniýadaky ABŞ bazalarynda ýerleşýän ýüzlerçe bina we desga zyýan ýetirendigi ýa-da ýok edendigi” hem nygtalýar.
Mundan başga-da, “EGO operasiýasy döwründe ABŞ-nyň onlarça uçary ýok edildi ýa-da olara zeper ýetdi” diýlip, hasabatda aýdylýar.
Makala AP we CBS News neşirleriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum