Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagonyň başlygy, Russiýanyň goranmak ministri telefonda Ukrainany maslahatlaşdy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin rus kärdeşi Andreý Belousow bilen telefonda gürleşdi
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin rus kärdeşi Andreý Belousow bilen telefonda gürleşdi

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin 25-nji iýunda rus kärdeşi Andreý Belousow bilen telefonda gürleşdi diýip, Pentagonyň metbugat sekretary Patrik Ryder aýtdy. Ol Ostiniň Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy wagtynda aragatnaşyk liniýalaryny saklamagyň ähmiýetini nygtandygyny aýtdy.

Ryder telefon söhbetdeşliginiň Ostiniň başlangyjy bilen geçirilendigini, munuň iki ýurduň goranmak ministrleriniň arasynda 2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri geçirilen ilkinji söhbetdeşlik bolandygyny belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi iki resminiň "Ukrainanyň töweregindäki ýagdaýlar barada pikir alşandygyny" aýtdy.

Ministrligiň maglumatyna görä, Belousow ABŞ ýaraglarynyň Ukrain goşunyna yzygiderli iberilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýyň urşuň has gyzmagyna getirmek howpuna ünsi çekdi.

XS
SM
MD
LG