Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Penzadaky “Rosneft” bazasyna edilen dron hüjümi ýangyna sebäp boldy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Penza şäherindäki “Rosneft” nebit bazasyna edilen dron hüjüminden soň ýangyn boldy diýip, gubernator Oleg Melniçenko habar berdi.

Ol howa goragy güýçleriniň öten agşam dört drony urup gaçyrandygyny aýtdy. “Bir dronuň galyndylary ammaryň territoriýasyna düşdi we ýangyna sebäp boldy. Häzir bu ýerde adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary işleýär” diýip, ol ýazdy.

Ukrain telegram gözegçilik kanallary “Supernova+” we “Eksilena+” ýangynyň “Rosneft” kompaniýasynyň “Penzanefteprodukt” nebit ammarynda bolandygyny habar berýärler.

Woronež oblastynda urlan dronlaryň galyndylary hususy jaýyň üçegine düşüp, ýangyna sebäp boldy diýip, sebit häkimi Aleksandr Gusew habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýangyn eýýäm öçürildi, üç adamdan ybarat maşgala wagtlaýynça garyndaşlarynyň öýünde ýaşaýar. “Astra” neşiriniň maglumatyna görä, bu waka “Minudobreniýa” himiýa zawodynyň ýerleşýän ýerinde, Rossoş şäherinde boldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 22-nji ýanwarda agşam sagat 8:00-dan 23-nji ýanwaryň ir säherine, sagat 7:00-a çenli 34 sany ukrain pilotsuz uçarynyň urlup gaçyrylandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG